2023-nji ýylyň ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly», halkara derejedebolsa «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi,türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplaryny-dahas tutanýerli okamaga höweslendirýär.
Ýaşlar — Watanymyzyň synmaz kuwwaty. Olar döwletimiziň ýagty geljegidir. Häzirki wagtda döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, türkmen ýaşlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilýän sepgitlere, gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanýandygyny tassyklaýar. Üstümizdäki ýylyň 28-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy hem ýurdumyzyň şanly syýasyjemgyýetçilik wakalarynyň biri boldy. Bu gurultaýyň dowamynda öňdebaryjy türkmen ýaşlaryna Şa serpaýlarynyň ýapylmagy bolsa örän buýsandyryjydyr. Çünki biziň döwletimizde çeken zähmetiň, eden yhlasyň gadyry bilinýär. Owal hem kän tekrarlanylyşy ýaly, bagt — gadyryň bilinmegi. Diýmek, biziň ýurdumyz — bagtyýarlygyň ýurdy. Asyl, biziň Watanymyzda döwür-döwran ýaşlaryň bagt mukamyna, ynamly gadamlaryna beslenen. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar Watanyň diňe bir ertiri däl, eýsem şu günüdir. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ýaş nesilleri ähli taraplaýyn bilimli, ylymly, ussat hünärmenler edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidi- ris» diýip belleýär. Şu jähetden, ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk ylym-bilim almaklary, häzirki şertlerde ylmy-tehniki öňegidişlige çalt uýgunlaşmaklary üçin giň