Gijeki älemgoşar

5 Dekabr 2022
1884

Her ýyl demirgazyk yşyklaryny synlamak üçin Finlandiýa döwletine müňlerçe syýahatçy barýar. Emma muňa garamazdan, demirgazyk yşyklary gaty seýrek görünýär. Şonuň üçin hem käbir syýahatçylara ony görmek başartmaýar. Demirgazyk giňişliginde olara «demirgazyk yşyklary» diýilse, günorta bölekdäki görünýänler «günorta yşyklary» diýlip atlandyrylýar. Demirgazyk bölekde köp duş gelýändigi sebäpli alymlar olary, esasan, «demirgazyk yşyklary» diýip atlandyrýarlar. Demirgazyk yşyklary Ýeriň magnitli bölegi bilen Güneşden gelýän köp mukdardaky şöhläniň galtaşmagy esasynda emele gelýän tebigy hadysadyr. Rimde «Awrora borealis» diýlip atlandyrylýan bu yşyklar rim mifologiýasyndaky şapak taňrysy Awroranyň ady bilen baglanyşyklydyr.

Maglumatlarda demirgazyk yşyklarynyň diňe gyş paslynda ýüze çykýandygy görkezilýär. Emma soňky wagtlarda alymlar olary ýylyň her paslynda görüp bolýandygyny belleýärler. Gyş paslynda howanyň, köplenç, bulutsyz bolup, beýleki wagtlara garanyňda gijäniň uzyn bolýandygy sebäpli olaryň görünmek ähtimallygy ýokarydyr. Demirgazyk yşyklaryny görmek her kişini gyzyklandyryp biler. Sebäbi olar dürli reňklerden emele gelen älemgoşary ýatladýar. Olaryň kä 10 minut, käte bütin gije görünýändigi bellenilýär. Bu Gün şöhlesiniň mukdaryna bagly bolýar.

Şamuhammet ŞAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.