Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, öz hünärine ökde adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly alada edýär. Ýurdumyzda multimediýa tehnologiýalaryny, öňdebaryjy iş tejribelerini ulanmaga, sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Orta mekdeplerde çagalara öwredilýän beýleki dersler bilen bir hatarda, biologiýa dersini hem häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede okatmak üçin ähli şert-mümkinçilikler bar. Daşymyzy gurşap alan tebigaty gowy öwrenmegi talap edýän biologiýa dersiniň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr.