Dünýäniň iň uly balyklary

24 Iýun 2022
3844

Golaýda Kambojada agramy 300 kilograma golaý bolan, uzynlygy 4 metre ýetýän balyk tapyldy. Mekong derýasyndan tutulan bu äpet balyk degişli ölçegler edilip, yzarlamak üçin enjam dakylandan soňra gaýtadan derýa goýberildi. Alymlar äpet orlýakşekilli balygyň häzire çenli anyklanan süýji suwda ýaşaýan iň uly balykdygyny aýdýarlar. Mundan ozal 2005-nji ýylda Tailandda agramy 293 kilogram bolan lakga balygy tutulypdy. Kamboja dünýäde balygyň iň köp ýaşaýan ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Mekong derýasynda balygyň müňden gowrak görnüşi bilen bir hatarda leňňeçler, ýylanlar, pyşbagalar we gurbagalar hem gabat gelýär. Gözbaşyny Tibet platosyndan alyp gaýdýan bu derýa Hytaý, Mýanma, Laos, Tailand, Kamboja we Wýetnam döwletleriniň üstünden geçýär. Eýsem, süýji suwda ýaşaýan başga nähili balyklar barka?! Derýalarda, köllerde we akar suwlarda ýaşaýan balyklara süýji suwda ýaşaýan balyklar diýilýär. Bular deňizdir ummanlardaky balyklardan tapawutly bolýar. Derýada ýaşaýan balygy deňze goýberseň ýaşap bilmeýär. Sebäbi, deňziň suwy aşa şor bolup, düzüminde köp mukdarda duz bolýar. Deňizde ýaşaýan balyk bolsa derýada ýaşap bilmeýär. Balyklaryň käbir görnüşi bolsa süýji hem-de şor suwda ýaşap bilýär. Akbalyk. Balygyň bu görnüşi Hazar we Gara deňziň basseýninde gabat gelýär. Bu balyklaryň sany soňky ýyllarda azalypdyr. Olaryň sanynyň köpeldilmegi üçin emeli usulda ösdürilip, suwa goýberilýär. Öňki döwürlerdäki maglumatlarda akbalygyň uzynlygynyň 5 metre, agramy 1,5 tonna ýetendigi bellenilýär. Ýyrtyjy balygyň käbir görnüşi süýji we şor suwuň garyşýan ýerleri bolan dilkawlarda, ýagny derýalaryň deňze guýýan ýerlerinde hem ýaşaýar. Käbir görnüşi bolsa diňe deňizde ýaşaýar. Mekong äpet lakgasy. Lakganyň dürli görnüşleri bolup, ýyrtyjy balygyň Mekong derýasynda ýaşaýany olaryň iň ulusy hasaplanýar. Bu balyklar uzak ýaşaýandygy bilen hem bellidir. Geçirilen barlaglara görä, olar 60 ýyla çenli ýaşaýarlar. Mekong lakgasynyň uzynlygy 3 metre, agramy 300 kilograma golaý bolýar. Tailandda we Laosda bu balygyň tutulmagy çäklendirilýär. Alligator balygy. Iki hatarly dişleri we krokodiliňkä meňzeş burny bolan bu ýyrtyjy balyklar süýji we şor suwda ýaşap bilýärler. Uzynlygy 3 metre, agramy 160 kilograma golaý bolýan bu jandarlar Demirgazyk Amerikadaky derýalarda ýaşaýarlar. Missisipi derýasynyň aşaky akymynyň basseýninde gabat gelýän balyklar 50 ýyla çenli ýaşaýarlar. Arapaýma. Amazonka derýasynda gabat gelýän bu jandarlaryň uzynlygy 3 metre, agramy 135 kilograma barabar bolýar. Braziliýada, Peruwda we Gaýanada gabat gelýän bu täsin balyk suwuň daşynda hem dem alyp bilýär. Olar suwuň daşynda 24 sagada çenli ýaşap bilýärler. Orlýakşekilli äpet balyk. Süýji suwda ýaşaýan we balyk hasaplanýan hem bolsa, onuň daşky şekili deňizde ýaşaýan jandarlara meňzeýär. Süýji suwda ýaşaýan iň uly jandarlaryň biri bolan tegelek şekilli bu balygyň 1990-njy ýyllarda alymlar tarapyndan haýsy topara degişlidigi kesgitlendi. Bu balygyň agramy 600 kilograma, uzynlygy 4,5 metre çenli bolup bilýär.