Şöhratdan doly bakylyk

16 Fewral 2021
2669

«Pedagogika» grek sözi bolup, çagany elinden tutup ýöredýärin diýen manyny aňladypdyr. Häzirki zaman pedagogikasynyň gysga, umumy we dogry kesgitlemesi – çagany terbiýelemek baradaky ylymdyr. Bu ýerde «terbiýe» sözi giň manyda ulanylyp, ol bilim bermegi, okatmagy, ösüşi öz içine alýar. Durmuşda ösüp gelýän ýaşlara terbiýe bermekde tejribe toplan ussat adamlaryň döremegi pedagogika ylmynyň peýda bolmagyna getiripdir.

Ýörite taýýarlygy bolan, pedagogiki iş bilen meşgullanýanlara “mugallym” diýilýär. Gahryman Arkadagymyz “Älem içre at gezer” atly romanynda mugallymy bagty çüwen adam hökmünde belläp geçýär we ol “öz döwründe-de, geljekde-de öçmejek yz galdyrýar. Bu babatda mugallymdan bagty çüwen ýok. Çünki olaryň sepen tohumlary döwürdeşleriniň, soňra olaryň nesilleriniň ynsan mertebesinde mynasyp orun alýar...” diýip beýan edýär. Her bir adamyň durmuşy bilen bagly başga bir hünäri göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek. Ýerine ýetirilýän işleriň arasynda mugallymyň işi iň çylşyrymlysydyr diýsek ýalňyşmarys. Mugallymçylyk aýratyn hormatly kärdir. Durmuşymyzyň, jemgyýetimiziň ertir nähili boljakdygy şu günki mugallymlaryň işiniň netijesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz “Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” eserinde: “Ata Watanymyzyň geljegi bolan bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr” diýip ýazýar.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.