Dünýäniň meşhur haýwanat baglary

7 Fewral 2021
4108

Janly tebigatyň milli muzeýi

Türkmen tebigatynyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesinde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýinde Türkmenistanyň we Ýer ýüzüniň haýwanat dünýäsine degişli haýwanlardyr guşlaryň örän köp görnüşleri bar. 40 gektar meýdany eýeleýän bu haýwanat bagy özüniň köpdürliligi taýdan dörde bölünýär. Onuň birinji böleginde gaplaňlar, ýolbarslar, goňur aýylar, deňiz pyşdyly ýaly haýwanlary ýakyndan synlamak mümkinçiligi bar. Köp sanly ýylanlaryň arasynda dünýäniň iň uzyn ýylany hasaplanylýan piton krokodil bilen goňşuçylykda ýerleşdirilipdir. Muzeýiň üçünji bölegi toýnakly haýwanlardan, dördünji bölegi bolsa ganatlylardan ybarat.

Berkeli ATAÝEW,
Murgap etrap häkimliginiň baş bagbany.