Türkmenistan — Owganystan: kontinental ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy

18 Ýanwar 2021
2360

AŞGABAT, 16-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guralan brifing möhüm düzümleýin desgalaryň üçüsiniň — Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Akina — Andhoý beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, şeýle hem iki ugur — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegine bagyşlandy

Çärä ministrlikleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.