Myhmanyna güler ýüzli

18 Ýanwar 2021
2757

Merdana halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelen iň ajaýyp däpleriniň biri-de, öýüne gelen myhmany hormatlap, ony söwüş bilen garşylamak dessurydyr. Bu dessur örän irki döwürlerden bäri heňňamlaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmän, has-da kämilleşdirilip gelnipdir. Ylaýta-da, türkmen toý tutmakçy bolanda, goluny çyzgap, dowar soýmagyň ugruna çykýar. Tagam taýýarlanlarynda goýnuň kellebaşaýagy hormat bilen ýaşulularyň öňünde goýulýar. Haýal otda mazaly gaýnadylyp, çorbasy goýalan kellebaşaýakdan dadan ýaşulular tagamyň hormatyna töwir galdyryp, ýagşy dilegler edýärler.

Lukman Hekimiň: «Aýda bir gezek iýmeli» diýen tagamlarynyň hataryna girýän kellebaşaýagyň ynsan saglygyny, süňňüni berkitmekde ähmiýeti örän uludyr. Goýnuň böwregidir öýkeni körpe paýy hasap edilipdir. Goşa böwrek çagalara paýlanylyp, öýken öýkelek oglanlaryň öýkesinden ýazylmagy üçin berlipdir. Goýnuň döşi gudalar myhmançylyga gelende berlip, ol guda paýy hasap edilipdir. Ýaşulularyň gudalary myhmançylyga gelende: «Gudam — döşüm, oňurgam. Gudaçylygyň gadyry barmakda hem gelmekde» diýip garşy almagy-da sylag-hormaty aňladýar. Guda myhmanlar gaýdanlarynda hem olaryň saçaklaryna pişme, byzmyk, gatlama, çapady ýaly toý tagamlary salynýar. «Atadan gören söwüş soýar, eneden gören supra ýaýar» diýen paýhasly ýörelgä eýerýän ilimiz agzybir, döwletli ojagynda myhmanyň hormatyna soýulýan malyň etinden uly höwes bilen naýbaşy milli tagamlary taýýarlap, hödür etmegi ýagşy däpleriň, sogaply işleriň biri hasaplapdyr.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan».