Parahatçylygyň we ynanyşmagyň guwandyryjy görkezijileri

15 Ýanwar 2021
2309

Düýn diňe bir Türkmenistan bilen Owganystan üçin däl-de, eýsem, sebit, hatda dünýä ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Şol gün birbada iri üç desganyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň gurluşygy tamamlanyp, olaryň açylyş çäreleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wakalaryň ähmiýetini nygtap, şeýle diýdi: «Biziň maksatlarymyz Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýörelgesinden ugur alýar. Bu ulgam häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň örän möhüm we aýrylmaz bölegini döretmäge gönükdirilendir. Netijeli sebitara we kontinental özara gatnaşyklara niýetlenendir».

Ýazga geçirenler Hudaýberen ABRAÝEW, Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçylarymyz).