Hakdan berlen beýik ykbal

14 Ýanwar 2021
2902

1991-nji ýylyň sahawatly gelen altyn güýzi türkmen halkyna Garaşsyzlyk atly uly bagty peşgeş berdi. Şol ýyl ata Watanymyz özini Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik syýasaty, adamzadyň abadan durmuşyny üpjün etjek giň gerimli taslamalary bilen tutuş dünýäde asudalygy berkarar etmäge hyzmat etjek özygtyýarly döwlet hökmünde ykrar etdi. 2021-nji ýylda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny tutuş agzybir halkymyz bilen bir başa jebisleşip uly ruhubelentlikde giňden belläris. Hawa, şahyryň aýdyşy ýaly, Garaşsyzlyk Hakdan berlen beýik ykbaldyr türkmene.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysalydyr. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklarymyzyň, şeýle hem asylly ynsanperwer dessurlarymyzyň täzeden ýaýbaňlandyrylmagy üçin oňyn şertleri döretdi. Baky Bitarap ýurdumyz özygtyýarly döwlet hökmünde Garaşsyzlygyny berkarar etmekde milletimize gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Bu ýol halkymyzy döwletli-döwrana, rowaçlyga, ýurdumyzyň gülläp ösmegine alyp barýan ýol bolup, eziz diýarymyzyň adyny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazýar. Bu ýoluň her bir menzili taryhy ähmiýetli, syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň aýdyň hem şöhratly wakalaryna beslendi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy we döwletimiziň halkara abraýy artdy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy, ýüze çykýan döwletara meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ol umumadamzat bähbidine, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramak hem-de pugtalandyrmak, halkara energiýa we ulag ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak, ynsanperwerlik we adam hukuklary bilen baglanyşykly wajyp meseleleri çözmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlar boýunça öňe sürýän teklipleriniň dünýä döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edilýändigi aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Bu möhüm başlangyçlaryň ählisi bu gün sebit we dünýä ähmiýetli ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we işjeňleşdirmäge, durnukly ösüş üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu günki gün Türkmenistan ykdysady we senagat taýdan ýokary ösüşlere eýe bolýan döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurda öwrüldi. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen miweleridir.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.