Uly işlere badalga

12 Ýanwar 2021
2705

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşler bilen ynamly öňe barýar. Bu günki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ähli sebitleri, şäherleri, obalary ýokary derejede ösdürilýär. Muny biz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, desgalaryň mysalynda görýäris. Munuň özi uly ösüşlerden, geljegiň has-da aýdyňlygyndan habar berýär.

Ynsanyň bagtyýarlygy üçin esasy zat ýaş nesilleriň bagtyny görmek, asuda durmuşda ýaşamak, Watanyňa guwanmak bolup durýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde täze binalaryň gurulmagy, täze obalaryň döredilmegi gönüden-göni halkyň eşretli durmuşynyň güwäsidir. Şeýle hakykata bolsa biz ýygy-ýygydan şaýat bolýarys. Ynha, geçen ýylymyzyň ösüşlerine nazar aýlanymyzda hem muny aýdyň görmek bolýar. Esasan hem baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berlen desgalar, binalar biziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ähli babatda ýurdumyzy ösdürmek, adamlaryň ýaşaýşy, dynç almaklary üçin şertleri döretmek barada yzygider alada edýändiginiň subutnamasydyr.

Täzegül YMAMGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dosenti.