«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Biziň ýurdumyz dost-doganlyk gatnaşyklaryna, ähli ugurlardaky giň hyzmatdaşlyga özygtyýarlylygyny we Bitaraplyk statusyny berkitmegiň, daşary syýasatdaky maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň kepili hökmünde garaýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostluk dünýäde ynsanperwerligi ýola goýýan taglymatdyr. Çünki bu dostluk döwletleriň ählumumy ýörelgelere ygtyýarlyk babatda bitewileşmegidir. Dostluk — adamzadyň ýakynlaşmagynyň ýoly. Dostluk — asylly ýörelgeleriň edebi dowam etmeginiň ýoly. Häzirki wagtda halkara giňişligindäki dostlukly gatnaşyklar ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga amatly ýagdaýy döredýär. Adamzadyň döreden beýik taglymatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ýoly hem dostlukdadyr» diýip, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belläp geçýär.