Haryt bol — alyjylar hoşal

22 sagat öň
39

Täze ýyly mynasyp garşy alýan günlerimizde ilaty dürli görnüşli azyk önümleri, zerur harytlar bilen üpjün etmek, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak babatda Daşoguz welaýatynda hem degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň özüne mahsus aýratynlygyny şöhlelendirýän köpugurly söwda bazarlary şu günler ilatyň has-da gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Daşoguz şäheriniň merkezi daýhan bazarynda, «Nygmat», «Bahar» bazarlarynda binagärligiň milli däplerine hem-de dünýä ülňülerine laýyklykda gurlan, zerur enjamlar bilen üpjün edilen dükanlar baýramçylyk saçagyna bezeg berýän dürli görnüşli azyk önümleriniň we senagat harytlarynyň bolçulygy bilen göwnüňi göterýär. Ýaşaýyş-durmuş şertlerimiziň ýokarlanmagy netijesinde, adamlaryň islegleri hem artýar, şonuň bilen deň derejede söwda ulgamy, hyzmat ediş toplumy hil hem mukdar taýdan ösýär, döwrebaplaşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat merkezinde ýerleşýän «Rysgal» toplumynda hem köp dürli azyk önümleriniň, Täze ýyl sowgatlyk harytlarynyň söwdasy giňden ýaýbaňlandyryldy.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).