Beýik taryhyň beýany

1 gün öň
36

Berkarar Diýarymyzda beýik şahyrymyzyň adyny göterýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şatlykly wakalara, şanly senelere, hoş habarlara baý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolup, şöhratly taryhymyz hakynda toplan maglumatlary esasynda döreden «Hakyda göwheri» atly täze eserini ýazyp tamamlandygy barada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda aýdan hoş habary göwünlere ganat bekledi.

Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy bar. Baý medeni mirasy, taryhy gymmatlyklary özünde jemleýan, milli medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň gülläp ösen döwri bolan geçmiş taryhymyz häzirki wagtda dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Asyrlar aşyp, halkymyzyň hakydasynda baky ýaşap gelýän bu hakykatyň Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eserinde giň beýan edilmegi diýseň buýsandyrýar. Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän eserler diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä okyjylary üçin hem ähmiýetli gollanma öwrülýär.

Enejan GELDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktory.