«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Asmandan inen akja gar tozgajyklary mukaddes topragymyzyň ýüzüni aklyga büredi. Ine-de gyşyň alamaty. Bu alamat her bir türkmeniň kalbyna özboluşly öwüşgin çaýyp ýüzlerinde bagtly ýylgyryşlaryň peýda bolmagyna getirýär. Pähimdar pederlerimiziň «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysyda gylyksyz» diýmek bilen güneşli ülkämizde gyş paslynyň edýän oýunlaryny çeper sözüň üsti bilen beýan edipdirler. Gyş pasly dünýäniň dürli ýurtlarynda dürlüçe gelýär. Mysal üçin, iň dowamly gar ýagmyryna 1932-nji ýylda Kanadanyň ýaşaýjylary şaýat boldular. Ol ýerde 9 gün dynman gar ýagypdyr. Munuň netijesinde garyň boýy bir gatly jaýlaryň üçegine çenli baryp ýetipdir. Afrika ýurtlarynda bolsa gyş gelende gar ýagmaýan pursatlary hem bolýar. Biziň güneşli Diýarymyzda bolsa gyşyň lezzeti başgaça.