Geljek nesillere gymmatly hazyna

23 Dekabr 2024
49

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren birnäçe ajaýyp eserleri, bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýar. Bu ajaýyp eserleriň her gatynda biziň geçmişimiz, şu günümiz aýdyň geljegimiz şugla saçýar. Şeýle ajaýyp eserleriň üsti bilen ýaşlarda Watana bolan söýgini, ata-enä bolan sylag-hormaty, maşgala wepadarlygy terbiýelenýär. Çünki, kitap ynsanyň ýakyn syrdaşy, ynsan köp okadygyça, dünýägaraýşy giňeýär, ruhy baýlygy artýar, akyl-paýhasa ýugrulan eserler ömrüňde dogry ýola düşmäge, durmuşda mynasyp ornuny saýlamagyňa esas berýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitaby hem şeýle ajaýyp eserleriň biridir. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. Şu mynasybetli, döwlet Baştutanymyz Milli Liderimize Gutlag iberdi. Gutlagda bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleriniň taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilendigi bellenilýär. Bu gymmatly eser bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüler. Hormatly Prezidentimiz baý many-mazmunly kitabyň dürli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine ynam bildirip, Gahryman Arkadagymyza mundan beýläk-de galamynyň ýiti, döredijilik äleminde gadamynyň dowamat-dowam bolmagyny, täze kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi.

Laçyn HAÝDAROWA,
Dänew etrabynyň 22-nji “Erteki” çagalar bakja-bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.