Edep-terbiýe maşgaladan başlanýar

7 Ýanwar 2021
4537

Türkmen halky gelin-gyzlary başynyň täji, maşgalasynyň mertebesi saýýar. Gyz maşgala enesidir mamasyndan, ejesinden öwüt-ündew alýar, olar çaga üçin görelde bolup durýar. Her bir maşgalada gyzlara kiçiliginden başlap, ýönekeýje edep kadalarynyň, tagam taýýarlamagyň, keşde çekmegiň öwredilmegi, arassaçylyk işlerine ugrukdyrylmagy gyz maşgalanyň geljekki durmuşynda köp peýda getirýär. Türkmen gyzlarynyň edep-ekramy, seýkin basyp ýöreýşi, üst-başyna, saçyna-gaşyna timar berşi özbaşyna bir edep-ekramdyr. Olaryň elinden çykýan ajaýyp keşdeler gözellige düşünmegiň nusgasydyr. Zenan maşgalalarymyzyň egin-eşigine türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak älemgoşar öwüşgini siňipdir.

Hormatly Prezidentimiz geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky aladany döwletiň esasy aladasy hasaplaýar. Halkymyzyň durmuşyna degişli ähli meseleler bilen bir hatarda, ýaş nesli terbiýelemegi, oňa bilim bermegi, hak-hukuklaryny goramagy döwlet öz üstüne alýar. Mähriban Prezidentimiziň: «Çagalar — biziň geljegimiz, olar ýurdumyzyň ertirki eýeleri. Iň arzyly isleg-arzuwlaryň, beýik maksatlaryň hasyl bolýan Watanymyzda çagalar hakdaky alada hiç mahal ünsden düşürilmez» diýip, mähir we parasatlylyk bilen aýdan sözleri çagalarymyzyň bilim almaklary, hünär edinmekleri, döwrebap hem bagtyýar ýaşamaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Orazbibi ŞAMYRADOWA,
Daşoguz şäherindäki 5-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy.