Sanly bilim — ösüşlere badalga

6 Ýanwar 2021
3574

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda sanly bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek görkezýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagynyň, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklarynyň, internet bäsleşikleriniň geçirilmegi berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde, öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Ähli amatlyklary özünde jemleýän şeýle sanly elektron portalyň üsti bilen sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyp, ýaş nesliň ylym-bilim derejesiniň artmagyna uly täsir edýär. Döwletimiziň ýaşlarynyň ylym-bilim derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.

Parahat MEREDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.