TÜRKMEN TÜRGENI DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA KÜMÜŞ MEDALA MYNASYP BOLDY

15 Dekabr 2024
30

Türkmen türgeni Bunýad Raşidow Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ştangany silteräp götermekde kiçi kümüş medalyň eýesi boldy. Ol şeýle üstünligi 73 kilograma çenli derejesinde medal ugrunda göreşen 26 türgeniň arasynda gazanmagy başardy.

Bunýad Raşidow silterläp götermekde 154 kilogram netije görkezip, kiçi kümüş medala mynasyp boldy. Emma ol itekläp götermekde 163 kilogram agyrlygy eýgerip, 16-njy ýeri eýeledi. Şeýlelikde, ildeşimiz iki görnüşiň jemi boýunça 321 kilogram netije bilen 15-nji basgançakdan ýer aldy.