Seriňi durla!

19 Dekabr 2024
95

Bir adam öýüni satyp, başga has gowy öýe göçermen bolupdyr. Mahabatçy-hünärmen dostundan öýüni  satmak  üçin oňat bildiriş ýazyp bermegini towakga edipdir. Dosty ol öýe belet bolansoň,  ony  şeýle  bir  gowy  edip  suratlandyrypdyr:  öýüň  gowy ýerde ýerleşýändigi, tutýan meýdanynyň giňdigi, taslama-gurluşynyň ajaýypdygy, goýry saýaly baglaryň bardygy, suw howdany we hammamy ýaly gowulyklarynyň  hemmesini  birin-birin  ýazyşdyrypdyr.  Ol  ýazan  zadyny dostuna okap beripdir. Öýüni satarman adam bu bildirişi üns bilen diňläpdir,  ýene  bir  gezek  okamagyny  haýyş  edipdir.  Dosty  muny gaýtadan okanda, öýüni satmakçy adam uly sesi bilen begençli gürläpdir: «Men  ömürboýy  şeýle  jaýda  ýaşamagy  arzuw  edip  gezdim. Aslynda, men şeýle jaýda ýaşaýandygymy senden eşidýänçäm, muny asla  duýman  gezipdirin»  diýipdir.  Soňra  ýylgyrypdyr-da:  «Haýyş edýän, gowusy, bu bildirişi hiç ýere ýaýratma. Meniň öýüm satuwa çykarylmaýar» diýipdir. Biz käteler öz ýaşaýşymyza başganyň gözi bilen hem garap göreliň, şonda şükür edere zadyň pikir edişimizden örän köpdügine ýene bir ýola göz ýetireris.

Nurýagdy ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.