Juwaz hakynda rowaýat

6 Ýanwar 2021
2365

Arkama-arka juwaz işledip gelýän juwazçylaryň biri juwazyň döreýşi hakynda şeýle bir rowaýaty gürrüň berdi.

Öňki döwürde depseň yranmaz sahawatly baýlaryň biriniň dört ogly bilen juda owadan bir gyzy bar eken. Kakasynyň nahar-şoruna ol gyzyň özi sereder eken. Ol künjini sokuda döwüp, soňam gazanda gaýnadyp, galkman edip, ýag alypdyr. Şol ýagdan hem kakasyna palaw bişirip beripdir.