Parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýoly bilen

6 Ýanwar 2021
2160

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi çuňňur mana eýedir. Munuň özi milli Liderimiziň tutuş dünýäde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmagyň bähbidine alyp barýan oňyn işleriniň ýene bir ykrarnamasydyr. Bu gün parahatçylygyň dostlukly ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň üstünden geçýär.

Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesidir. Bu syýasat döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, bilelikdäki ykdysady, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebitiň iri energetika döwletine öwrülmek babatynda uly ýol geçdi. Nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Ýazgül GURBANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.