Hakyda — heňňamlaryň hikmeti

18 Dekabr 2024
137

Gojaman taryhyň göwsüni gulaçlap, asyrlaryň aňyýet älemine aralaşyp, geçmişi paýhas eleginden geçirmek zamana zynat, döwre dowamat berip bilýän Hakdan halatly dana kişilere eýgerdýär. Gahryman Arkadagymyzyň hökmürowan wagtyň üstüni basyran, halkymyzyň dünýä ýaň salan sahawatly işlerini taryhyň gatyndan gyzylyň gyryndysyny gözlän ýaly yhlas bilen agtaryp, seljerip, keşbini Aý dogan ýaly suratlandyryp, «Hakyda göwheri» atly diwana ýerleşdirmegi diňe bir türkmen milletiniň däl, eýsem, gojaman taryhyň özüne ýapylan perzentlik serpaýdyr.

Biserhet wagty birýana serpip, geçmişe beletlik bilen aralaşan Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri özi bilen okyjyny hem geçmişiň goýnuna seýrana çykarýar. Asyrlarynyň hersi bir kitap, ýyllary sahap, günleri zerbap setirler bolan syrly taryhy öwrenmek, bilmek, oňa akyl ýetirmek geçmişiň lybasyndaky özüňi görmekdir, diýmek, geçmişdäki wakalara şaýat bolmakdyr. Bu ajaýyp eseriň öňde goýýan baş maksady hem merdana ata-babalarymyzyň ýaşan mukaddes topragynyň üstünde bolan şanly wakalaryň bu topragyň astynda ýitip gitmezligidir. Olar heňňamlaryň hakydasynda, halkyň hakydasynda, geljekki nesilleriň hakydasynda bakylyga, beýik işlere çakylyga öwrülip, dür-merjene, göwhere dönüp ýaşamalydyr.

Agamyrat SOLTANOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.