Döwrebap ösüşleriň binýady

18 Dekabr 2024
110

Alym Arkadagymyz ýurdumyzda alnyp barylýan ähli işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan bolmalydygyny aýratyn belleýär. Çünki hut şeýle çemeleşme bilen edilen işler ösüşlere ýol açýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýoly mynasyp dowam etdirýär. Ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini has-da çaltlandyrmaga gönükdirilen wezipeler döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Şol wezipelere üstünlikli amal etmek üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda hem köp ugurlar boýunça düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Binýatlaýyn we amaly ylymlaryň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň, geljegi uly işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüşi gazanmagyň, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylym-bilim ulgamyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistanda häzirki döwürde bu babatda alnyp barylýan işler nusgalykdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan howpsuz we ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak üçin amatly şertler döredilýär. Himiýa institutynda alnyp barylýan işleriň hatarynda Hazar deňziniň türkmen kenarynyň ekologiýasy, sement önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerli çig mallaryň esasynda tebigy boýaglary, gurluşyk önümlerini, dökünleri, adsorbentleri, sagaldyş serişdelerini, önümçilikde emele gelýän galyndylary gaýtadan işläp, düzümindäki peýdaly komponentleri bölüp almak ýa-da olaryň esasynda täze maddalary sintezlemek boýunça ýerine ýetirilen düýpli barlaglaryň netijesindäki ylmy esaslandyrmalar bar. Olar ykdysadyýetiň ol ýa-da beýleki ugurlarynda ykdysady görkezijileriň gowulanmagyny, önümçiligiň kämilleşmegini, ekologik taýdan oňaýlylygyny üpjün edýär.

Rejepnur NURBERDIÝEW,
TYA-nyň Himiýa institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, himiýa ylymlarynyň doktory.