Magtymgulynyň tebigat bilen bagly tapmaça häsiýetli syrly setirleri

14 Dekabr 2024
201

Magtymgulynyň ajaýyp şygyrlary uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly «gürleşýär». Onda çagajyklardyr ýetginjekler üçin hem, ululardyr dürli kärdäki adamlar üçin hem gyzyklanara, pikirlenere we öwrenip sapak alara zat köp. Ol — ähli adamlar üçin hem deň derejede soňsuz we tükeniksiz ylham çeşmesi.

Akyldar şahyryň şygyrlarynyň birnäçesi tapmaça häsiýetlidir. Şahyryň haýsydyr bir rowaýaty ýa-da tymsaly aňladýan syrly setirleriniň many-mazmuny, ähmiýeti, maksady hemişe-de okyjylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Ýöne şahyryň beýle häsiýetli goşgularynyň syryny açmak aňsat däl. Olaryň birnäçesiniň syryny bilmek üçin köp okamaly, köp zatlardan habarly bolmaly, käbirini bilmek üçin üşügiň ýiti, pikirleniş ukybyň ösen bolmaly, ýene birnäçesini aňmak üçin bolsa, bularyň ikisiniň hem ýokary derejede bolmagy gerek.

Rahmanberdi GODAROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we Milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri.