Türkmen döwlet gurjak teatryna gezelenç

14 Dekabr 2024
205

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hem uly ösüşler gazanyldy. Şol ýyllarda gurlup ulanylmaga berlen Türkmen döwlet gurjak teatry hem il-günüň iň bir gelim-gidimli ojaklarynyň birine öwrüldi. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda täze kaşaň binasy açylan Türkmen döwlet gurjak teatrynyň ýerleşýän ýeri we umumy keşbi milli äheňli binagärlik sungatyny has aýdyň açyp görkezýär.

Äpet uly desganyň öňünde ilki bilen asuda durmuşyň alamaty hasaplanýan «Tawus guşunyň» heýkeli, şeýle-de «Mämmetjan» ertekisiniň batyrgaý gahrymanyna bagyşlanan heýkel taslamasy garşy alýar. Bu ajaýyp heýkel eserleriň awtorlary Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen onuň zehinli şägirtleridir. Reňklenen poliesterden ýasalan heýkel eserleri şadyýan hem gyzykly durmuşyň aňlatmasy hökmünde bagtyýar çagalygyň gapysyny açýar. Şonuň esasynda Türkmen döwlet gurjak teatry diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, gyzykly teatr sahnalaryna tomaşa etmäge gelýän uly ýaşly tomaşaçylar üçin hem täsir galdyryjy ýerleriň birine öwrüldi.

Selim RASULOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.