Bagtyýar durmuşyň höziri

14 Dekabr 2024
152

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni, tutuş ýurtda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem ýatdan çykmajak şanly pursatlara beslenýär. Şu hepdäniň çarşenbe güni Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Türkmenbaşy şäherinde hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmek maksady bilen gurlan ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem ýylyň ýatdan çykmajak wakalarynyň hataryna goşuldy. Merdana, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ýene bir güwäsine öwrülen, kenarýaka şäheriň binagärlik görküne görk goşan bu ymaratlaryň gurluşygyna gatnaşan, şeýle hem täze öýlere göçüp baran bagtyýar raýatlarymyz öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.

Baýram HOJAMYRADOW,
«Ynamly hyzmatdaşlar» hojalyk jemgyýetiniň direktory:

Ýazga geçiren Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).