Dünýä çempionaty Aşgabatda geçiriler

6 Ýanwar 2021
2213

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sport ulgamy hem uly üstünliklere beslendi. Sport, munuň özi diňe bir beden kämilligi bolman, eýsem, erkinligiň hem-de öz-özüňi ykrar etmegiň baş şerti bolup durýar. Sport häzirki döwürde jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ildeşlerimiziň aglaba bölegi, aýratyn hem, ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanýarlar. Bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşygyny, tagallalaryň utgaşmagyny emele getirýär. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bu babatda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan sportuň ösdürilmegine, wagyz edilmegine gönükdirilen anyk çäreler babatda beýleki döwletlere görelde bolýar. Onuň şeýledigini welosipedçileriň halkara birleşiginiň 2021-nji ýylda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny bermegi ýurdumyza bildirilýän ýokary ynamyň we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän sport syýasatynyň uly üstünliginiň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda sport çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolmak üçin edýän erjel hereketlerine güýç-kuwwat berýär. Bu ugurda amal edilýän beýik işleriň düýp özeninde hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramak, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn kemala getirilmegini, hyjuwlylygyny we maksadaokgunlylygyny, döwrebap ylymly-bilimli edip ýetişdirilmegini üpjün etmek hem-de türkmen sportunyň abraýyny ýokary galdyrmak ýaly çuň paýhasa ýugrulan belent maksatlar bar. Dünýäniň dürli şäherlerinde guralýan halkara ýaryşlarynda sportuň dürli görnüşlerinden türkmeniň ýaşyl baýdagyny ýokary galdyrýan türgenlerimiziň sany barha artýar.

Gözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.