Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz

11 Dekabr 2024
146

Täze — 2025-nji ýyl ýetip gelýär. Bosaga gelen Täze ýyl müçenama boýunça ýylan ýyly hasaplanýar. Halkymyzyň asylly däbine görä, her täze ýyl joşgunly atlar bilen atlandyrylýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz geljek — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamak barada aýtdy. Diýmek, täze ýyl durmuşymyza täze at bilen girer. Şu ýerde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini bellemek ýakymly. Bu mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy dillerimizde sena bolup ýaňlanýar.

Türkmen dilşynas alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly ajaýyp eserinde ýyllaryň atlandyrylyşy barada şeýle maglumat berilýär: «Türkiler on iki dürli haýwanyň adyny alyp, ýyllara at beripdir. Çagalarynyň ýaşyny, söweşiň bolan senelerini hem-de beýleki zatlaryň hemmesini şu ýyllaryň aýlanmagy bilen hasaplaýarlar. Munuň gelip çykyşy şeýledir: Olaryň hanlarynyň biri özünden birnäçe ýyl öň bolan söweşi biljek bolupdyr welin, onuň bolup geçen ýylyny ýalňyşypdyr. Şol sebäpden ol ili bilen geňeş edip, «Biziň söweşiň bolan wagtyny biljek bolanymyzda ýalňyşyşymyz ýaly, geljekki nesillerimiz hem ýalňyşar. Şonuň üçin asmanyň on iki ýyldyzlar toplumynyň we on iki aýyň sanyna görä, her ýyla bir at goýalyň, şanly wakalarymyzy şu ýyllaryň geçişi bilen hasap edeliň. Ol aramyzda hemişelik ýadygärlik bolup galsyn» diýýär. Halk hem hanyň aýdanyny kabul edýär. Şondan soň han awa çykýar. Ähli haýwanlary Yla derýasyna tarap sürmegi tabşyrýar. Bu uly suwly bir derýadyr. Ilat ähli haýwanlary ýygnap, suwa tarap sürýär. Şolardan on iki dürli haýwan suwdan geçýär. Her geçen haýwanyň ady bir ýyla dakylýar».

Kerim SERDAROW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.