Sport maşklarynyň saglyga peýdasy

7 Dekabr 2024
161

Sport maşklary saglygy berkitmek, adamyň hereket ukyplaryny kämilleşdirmek, güýjüni, çeýeligini, çydamlylygyny ösdürmek üçin ýörite saýlanyp alnan beden maşklaryň toplumydyr. Esasan hem sportuň gimnastika görnüşinde köp sanly dürli görnüşli maşklar ulanylyp, olaryň hersi belli bir wezipäni ýerine ýetirýär. Bedeniňi we işjeňligiňi ösdüriji umumy maşklar, ýönekeý erkin maşklar, amaly maşklar, ýöremek, ylgamak, bökmek ýaly maşklaryň görnüşleri adamyň bedeniniň umumy ösüşine ýardam berýär, saglygyny berkidýär, iş öndürijiligini ösdürýär, ruhuny galdyrýar. Ýörite gurallarda ýerine ýetirilýän maşklaryň, çeperçilik gimnastikasynda ulanylýan maşklaryň, diregli bökmek hem-de akrobatika maşklaryň kömegi esasynda adamlar öz bedeniniň owadan, sagdyn bolmagyny gazanýarlar. Gimnastika maşklary esasy bäş topara bölünýär.

Esasy gimnastika — saglygy dikeltmek we umumy fiziki ösüşi gazanmak üçin mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar, okuwçylar we uly ýaşly adamlar bilen geçirilýän sapaklarda ulanylýar. Şeýle-de, esasy gimnastika adamda täze hereket endiklerini ösdürmek ýa-da has çylşyrymly hereketler üçin taýýarlyk maksady bilen geçirilýär. Esasy gimnastika ýöremek, ylgamak, bökmek, deňagramlyk maşklary, şeýle hem sport gimnastikasynda peýdalanylýan gurallardaky ýönekeý maşklar degişlidir. Umumy gimnastika ukyplaryny we güýçlenme häsiýetlerini (güýç, çalasynlyk, batyrgaýlyk we ş.m.), şeýle-de durmuşda saglyk üçin beýleki zerur endikleri (ýöremek, ylgamak, bökmek, agyrlyk götermek, deňagramlylyk we başgalar) kämilleşdirmäge ýardam berýär.

Laçyn KOLBAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri, sportuň gimnastika görnüşinden sport ussady.