Beýik söz ussady

7 Dekabr 2024
151

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri ýetişdirmek, olary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesilleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, XVIII asyr türkmen poeziýasy Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol döwür türkmen döwletiniň binýadynyň berk, sarsmaz boljakdygynyň, nurana geljegiň, ykbalyň miýesser etjekdiginiň il-güne öňdengörüjilik bilen wagyz edilen aýratyn bir öwüşgine eýe bolan täze döwri bolupdyr. Şahyryň belent adamkärçiligi, halallygy, päkligi öwüt-ündew edýän terbiýeleýji şahyrana setirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgine eýe bolup, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyna hem-de kämilligine öz sesini goşýar. Beýik Pyragy her bir ynsanyň sagdyn pikirli hem-de bütin jemgyýetiň sagdyn bolmagyny arzuwlapdyr. Bu arzuw hut biziň şu günlerdäki bagtyýar günlerimizde wysal bolýar. Akyldaryň ynamyna görä, durmuşyň hözirini görmek üçin sagdynlyk zerurdyr. Ol şonuň üçinem ýaşaýşyň diregi bolan saglygy goramalydygyny nygtap, şeýle diýipdir:

Ogulmaral JUMAÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.