Dünýä dilleri öwrenilýär

5 Dekabr 2024
419

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde bilim ulgamynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagynda hem-de hünär öwrenmeginde ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär.

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Bu maslahat öz işini bölümleriň bäşisinde dowam edýär.

«Mugallymlar gazeti».