Bagtyýar çagalygyň Diýary

4 Dekabr 2024
149

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini gazanmak, saglygyny goramak, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömegini ýokary derejeli guramak, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek babatda amala aşyrylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip düzülen we kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu ugurda uly üstünlikleri gazanmaga köpugurly şertleri döredýär.

2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gaznanyň alyp barýan işleriniň netijesinde, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolan wagtynda etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat etdi we olar häzirki wagtda halkymyzyň hyzmatynda. Mary welaýat çagalar hassahanasyna gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen emeli dem beriş we fiziologiýa gözegçilik monitory enjamynyň sowgat berilmegi bu işleriň üstüni ýetirdi. Paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Ahal welaýat Bäherden etrap hassahanasyna, Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Lebap welaýat Köpugurly hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýanyň «Dialog + » kysymly emeli böwrek — gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi dowamly böwrek ýetmezçilik keselinden ejir çekýän näsaglar üçin gymmatly sowgat boldy.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.