Il saglygy — ýurt baýlygy

4 Dekabr 2024
158

Halkyň saglygy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu ugurda asylly maksatlara gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde döwletimizde saglygy goraýyş ulgamy halkara ülňüleriň derejesine ýetirildi. Hut şonuň üçin-de ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, saglygy goraýşy, derman senagatyny dünýä derejesine laýyklykda ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan halkyň saglygy we onuň geljegi baradaky alada «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlara daýanýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan döwletimizde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän döwrebap sport toplumlarynyň, ähli amatlyklary bolan hassahanalaryň, saglyk öýleriniň mysalynda anyk görmek bolýar.

Gülşat ATALYÝEWA,
Bereket etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.