Bagly ýer — barly ýer

27 Noýabr 2024
210

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmeklige, daşky gurşawy gorap saklamaklyga dürli bag nahallaryny ösdürip ýetişdirýän ussat bagbanlar saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şeýle bagbanlaryň biri hem Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy Durdymämmet Amanowdyr. Durdymämmet aga maşgala agzalarynyň ýakyndan goldaw bermeginde on bäş ýyldan gowrak wagt bäri ekin meýdanynda miweli agaçlaryň nahallaryny ýetişdirip gelýär. Onuň taýýarlan nahallary edara-kärhanalar we ýerli ýaşaýjylar tarapyndan uly isleg bilen alynýar.

Bag ekmek — sogap iş. Muňa oňat düşünýän ýaşuly bagban häzirki döwürde erik, alma, ülje, hurma, beýi, nar, armyt, badam ýaly agaçlaryň nahallaryny ösdürip ýetişdirýär. Onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, şeýle gürrüň berdi:

Aýzada MUHAMMEDOWA,
«Balkan».