Kämilligiň ýolunda

4 Ýanwar 2021
2429

«Aýdymdyr saz adamlaryň kalbyny joşdurýar, olary ýaşaýşa ruhlandyrýar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz aýdyma-saza uly sarpa goýýar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän aýdym-saz bilen baglanyşykly bäsleşikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Welaýat ýörite sungat mekdebimiziň bagşyçylyk sungaty bölüminiň talyby Merdan Baýramgeldiýew hem şeýle bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, aýdym-saz ýolunda barha kämilleşýär, dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýar. Ýaş bagşy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ençeme gezek çykyş etdi. Şeýle hem welaýatymyzda «Çal, bagşym, ýaňlansyn belent owazyň» atly bagşylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde birinji orny eýelemegi başardy.

Merdanyň durmuşynda geçen ýylyň ahyrlarynda ýene bir şatlykly waka boldy. Oňa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, şeýle hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde gazanan üstünlikleri, ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezendigi üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baýragy berildi.

Aýnagül BERDIGYLYJOWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.