Gündogar bagşysyn diňle, Günbatar! (Dünýä we ýaşlar)

22 Noýabr 2024
263

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, ylmy-amaly maslahatlarda, konsertlerde, sungat festiwallarynda yzygiderli çykyş etmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, 7 — 14-nji noýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynda «Geljek häzir — Merkezi Aziýa» ady bilen festiwalyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saz toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sungat festiwalynyň baş maksady zehinli ýaşlaryň özara pikir-tejribe alyşmagyny üpjün etmekden, döredijilik gatnaşyklaryny berkitmekden, şeýle-de halklaryň milli medeniýetlerini dünýä tanatmakdan ybarat boldy.

Sungat festiwalynda ýurdumyza Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary wekilçilik etdiler. Medeni maksatnama laýyklykda, gatnaşyjylar üçin Berlin şäherine gezelençler guralyp, Brandenburg orkestriniň ýerine ýetirmeginde gyzykly konsert geçirildi.

Jeýran JORAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.