Üç ölçegli çap ediş tehnologiýasy

22 Noýabr 2024
245

Biz häzirki wagtda täze tehnologiýalaryň haýran galdyryjy tizlikdäki ösüşine öwrenişdik. Emma birnäçe ýyl mundan ozal durmuşymyzda üç ölçegli çap edijilerde gurluşyk materiallarynyň, tehniki enjamlaryň, dürli şekilleriň, hatda tutuş jaýlaryň taýýarlanylyp bilinjekdigini göz öňüne getirmeýärdik. Üç ölçegli çap edijiler gysga wagtda durmuşymyza ornaşyp, olary ulanýanlaryň sany gün-günden artýar. Şeýle tehnologiýanyň kömegi bilen çylşyrymly maketleri, ýönekeý bezeg çyralardan başlap, maşyngurluşygynda peýdalanylýan mehanizmlere, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryna çenli çap etmek mümkin.

Üç ölçegli çap ediji ýöriteleşdirilen kompýuterlerde üç ölçegli nusgasy taýýarlanylan dürli görnüşdäki fiziki jisimleri öndürýän gurluşdyr. Onda önümçilik işini amala aşyrmak üçin kompýutere ýörite programma üpjünçiliginiň kömegi bilen, jisimiň üç ölçegli gurluşynyň maglumatlaryny girizmek ýeterlikdir.

Gülistan TOÝÇYÝEWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.