Ýakynda Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli, döwlet dolandyryşynyň we döwlet gullugynyň häzirki zaman tejribelerine hem-de geljegine bagyşlanyp, halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa birnäçe döwletiň wekilleri bilen birlikde, türkmen wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy. Maslahatda döwleti dolandyrmagyň hem-de döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň nazary esaslary, bu ugurda dünýä tejribesini, netijeli usulyýetleri öwrenmek, şeýle-de halkara derejede hyzmatdaşlygy ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda döwlet gullukçysynyň öz ýurdunyň jemgyýetçilik durmuşyna, taryhy gelip çykyşynyň aýratynlyklaryna, milli däp-dessurlaryna ýugrulan ýokary medeniýetli, häzirki döwrüň sanly tehnologiýalaryndan baş çykarýan, daşary ýurt dillerini suwara bilýän sowatly hünärmen bolmalydygy barada täsirli çykyşlar edildi. Aýratyn-da, ykdysadyýetde önümçiligiň we beýleki ugurlaryň sanlylaşdyrylýan häzirki şertlerinde öňde durýan dürli wezipeleri çözmegiň ýollary, daşary ýurtly hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmakda zerur bolan ýörelgeler baradaky pikir-garaýyşlara möhüm orun berildi.