Halkyň saglygy hakyndaky alada

20 Noýabr 2024
223

Sagdynlyk ynsan durmuşyny gözelleşdirýän, ony geljege sary umytlandyrýan sütündir. Hut şonuň üçin, bu tükenmez baýlygy aýawly saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki sagdyn ynsanlardan, sagdyn jemgyýet emele gelýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen özgertmeleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen we bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna esaslanýar. Kabul edilen degişli resminamada göz öňünde tutulan ugurlar boýunça işler dowamly amala aşyrylmak bilen, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Gaýtadan kabul edilip, degişli maksatnamanyň çäklerinde has giň gerimli wezipeleriň kesgitlenendigini we olaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändigini bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, geljekde ol önümler ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Üstümizdäki ýylda hem Aşgabat şäherinde täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy açylyp ulanylmaga berildi. Mundan başga-da, häzirki wagtda gurluşygy dowam etdirilýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Halkara stomatologiýa merkezleriniň hem geljekde ildeşlerimiziň saglygyny dikeltmekde uly orny eýelejekdigi bellärliklidir. Ýene-de buýsançly habarlaryň biri hökmünde bellemeli zatlaryň biri-de, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildiniň çapdan çykmagydyr. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Ýörite habarçymyz.