Ýüpek jiltge

2 Ýanwar 2021
2226

Wan MEN, hytaý ýazyjysy

Bu köneje ýüpek jiltge aslynda täzejedi. Köneje diýilmegi, könelişen biçüwde tikilenligi üçin däl-de, ýigrimi alty ýyllap eýesiniň sandygynda ýatanlygy sebäplidi. Zenanlar üçin ýigrimi alty ýaş ömrüň iň bir gaýtalanmajak bahary bolsa-da, geýim-gejimleriň munça ýylda halys sary gidip, öňküligi galmaýan eken. Lowurdap duran jiltge ne-hä ile meňzeş geýlip eýesiniň egnine gelşik berdi, ne-de ony yssydan-sowukdan gorap bildi. Garaz, gerek wagty derde ýarap bilmedi-dä. Şeýdip bu owadan lybasa ýigrimi alty ýyl boldy.

Hytaý dilinden terjime eden Läle ATAÝEWA