Tüpeň

2 Ýanwar 2021
2299

Ýa­ros­law GA­ŞEK, çeh ýazy­jy­sy

Woýsehiň kakalygy janyndan tamasyny üzüp barýardy. Iň bolmanda Zakalýankadakylaryň ählisi şeýle pikirdedi. Ol kiçeňräk külbede ojagyň ýanynda bir gapdalyndan beýleki gapdalyna agdarylyp, dymyp ýatyrdy. Onuň Ýuži hem Markus atly ýegenleri bolsa düýn obanyň aňyrsyndaky hojaýynyň tokaýynda gapanlaryna tokaý sakçysynyň ogullarynyň gulaklary kesilen, iki sany eldeki, ýaşajyk tilkisiniň düşendigi barada gürrüň edip otyrdylar. Ýuži bilen Markusyň ikisem bikanun aw edýärdi. Olar bir-de gülüşseler, bir-de gaharlanýardylar.

Rus dilinden terjime eden Myrat GOŞLYÝEW