Şu ýylyň 12 — 15-nji noýabry aralygynda Germaniýanyň Mýunhen şäherinde «Semicon Europa» atly ýarymgeçirijileriň önümçiligine bagyşlanan halkara söwda ýarmarkasy geçirildi. Bu uly ýarmarka dünýäde mikro we nano-elektronika pudagyny ösdürmek ugrunda ýöriteleşen «SEMI Global» senagat kompaniýasy tarapyndan guraldy. Oňa Ýewropa ýurtlarynyň ýarymgeçiriji we mikroelektronika pudagynda iş alyp barýan iň öňdebaryjy kompaniýalary gatnaşdylar. Söwda ýarmarkasynyň dowamynda tanyşdyrylan PV ulgamlary, Gün panelleri we displeýleri ýaly häzirki zaman tendensiýalaryň giň görnüşi sergä gelenleriň üns merkezinde boldy.
Mýunhen söwda ýarmarkasynyň aýratynlygy, ekologiýa taýdan arassa binagärlik işlerinde täze sanly innowasiýalary ornaşdyrmakdan, olary tygşytly peýdalanmakda täzeçe çemeleşmeleriň giň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.