Garagum sährasy – täsinligiň hem-de gözelligiň mekany

14 Noýabr 2024
249

Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp Garagum sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garagum sährasy türkmen kalbynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu sährada asyl durkunda saklanyp galan tebigatyň gadymy hem-de üýtgewsiz keşbi halk ýaşaýşynyň tebigy etnografiýasyny öwrenmekde we oňa akyl ýetirmekde juda möhümdir. Ýurdumyzyň umumy meýdanynyň üçden bir bölegine golaýyny, ýagny 350 müň inedördül metr töweregini tutýan Garagum sähramyz özüniň tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ol günortada Köpetdagyň dag etekleriniň, Garabiliň we Bathyzyň, demirgazykda Horezm golunyň, gündogarda Amyderýa jülgesiniň we günbatarda Gündogar Uzboýuň hanasynyň arasynda ýerleşýär.

Garagum sährasynda ýaşan ata-babalarymyz hemişe tebigata paýhasly garamak bilen, ondan öz ýaşaýyş-durmuşy üçin iň bir zerur zatlary almagy başarypdyrlar. Ylaýta-da, olar özleriniň saglygyny hut Garagumuň tebigaty, ösümlik dünýäsiniň üsti bilen aýawly gorap saklapdyrlar. Mysal üçin, dana pederlerimiz tikenli göýüli, keýigoty ýaly içki beden agzalaryny, daşky bedeni kesellerden gorap saklamakda iň bir ýörgünli ulanylýan ösümlikleri melhem ot hökmünde peýdalanypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Garagum sährasy durşy bilen keramat, bu künjege zyýarata gelmek we ata-babalarymyzy penalan mukaddes sähramyza tagzym etmek parz işdir” diýip bellemegi hem bu sähranyň mukaddesliginden habar berýär. Dogrudan-da, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ümmülmez Garagum sährasy - durşy bilen keramat, gaýtalanmaýan gözellik.

Arzuw HUDAÝBERDIÝEWA,
Çärjew etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.