Türkmen tebigatynyň görki

6 Noýabr 2024
261

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda indi ýurdumyzda asylly däbe öwrülen her ýylyň güýz we ýaz aýlary ähli halkymyzyň gatnaşmagynda bag ekmek dabarasy geçirilip, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda möhüm ähmiýetli çärä badalga berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy ekologik abadançylyga mynasyp goşant goşýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Agaç ekmek, bag oturtmak, oňa ideg etmek ýaly ýörelgeler türkmeniň gadymdan gelýän taryhy nusgalyk işlerdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Häzirki wagta çenli ülkämiziň tebigat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri güneşli Diýarymyzyň gymmatly agaç tokaýlarynyň mekanydygyny tassyklady. Agaçlaryň käbir görnüşleri bolsa Orta Aziýa döwletleriniň çäklerinde duş gelmeýän tebigy baýlykdyr. Munuň aňyrsynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gözüň göreji ýaly gorandygy we ösümlik dünýäsini özüniň medeniýetine, ruhy ýörelgelerine ornaşdyrandygy hakyndaky hakykat ýatandyr».

Jemal GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.