«Kejebäň çekmäge akmaýa gerek»

6 Noýabr 2024
386

«Şasenem-Garyp» dessanynda belent perdelerde taryp edilýän kejebeler  gadymy türkmen gelin toýlarynyň esasy nyşanydyr. Irki döwürler täze gelni düýäniň üstünde gurnalan kejebede uly dabara bilen, «gyz göçürmek» dessury berjaý edilip, äkitmek däp bolupdyr. Gapysynda kejebe çökerilip, uly toý bilen atasy öýünden durmuş gurýan ýigidiniň öýüne ugramak her bir juwan gyzyň baş arzuwy bolupdyr. Muny ene-mamalarymyz öz hüwdi bentlerinde hem beýan edipdirler:

Meniň gyzym owadan,
Suw dökülmez nowadan,
Kejebesin bek daňyň,
Ýykylmasyn maýadan.

Selbi SAPAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.