Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gün-günden şanly menzilleri nazarlaýan döwletimiziň daşary syýasatynyň ösüşi okgunly häsiýete eýedir. Çünki ýurdumyzyň ýylsaýyn hil we mazmun taýdan baýlaşýan halkara gatnaşyklarynyň özeninde halkymyzyň parahatçylyk, dostluk, hyzmatdaşlyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýaly asylly ýörelgeleri dur. Bu, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagynda-da täze sahypalary açýar. Biz bu hakykata ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň halkara durmuşy bilen baglanyşykly bolup geçen şanly wakalaryň mysalynda hem şaýat bolduk.
Parahatçylyk, ynanyşmak, durnukly ösüş — bular Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň hataryny düzýär. Bu ugurdaky öňe ilerlemeler ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny has-da berkidýär. Ýaňy-ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi baradaky gelip gowşan hoş habar hem ýurdumyzyň ygtybarly we ynamly hyzmatdaş hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde ornuny has-da pugtalandyrýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bilşimiz ýaly, özygtyýarly, baky berkarar Watanymyz hemmetaraplaýyn strategik we uzakmöhletleýin häsiýete eýerýän, ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine ýugrulan başlangyçlary netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de oňa agza döwletleriň iň ýakyn we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Bu hakykaty «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamany kabul etmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyna gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň awtordaş bolup çykyş edendigi-de aýdyňlaşdyrýar.