Sportuň her bir janköýeri öz janköýerlik edýän türgeniniň ýa-da toparynyň üstünlikleri bilen bir hatarda, olaryň rekordlary nähili täzeleýändiklerine aýratyn üns berýärler. Türkmen türgenleri bolsa häzirki döwürde diňe bir medallar bilen däl-de, eýsem dünýä rekordlaryny täzeläp, sport äleminde şöhrat gazanýarlar. Ýakynda Ispaniýada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda bu hakykat ýene bir gezek tassyklanyldy. Bu abraýly ýaryşda dünýäniň iň güýçli ýaş türgenleriniň arasynda çykyş eden ildeşimiz Şahzadbek Matýakubow Türkmenistanda sporta berilýän ünsüň näderejede ýokarydygyny subut etdi.
Geljegine uly ynam bildirilýän ildeşimiz 102 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, silterläp götermekde 175 kilogram agyrlygy başynyň üstüne galdyrdy. 20 ýaşly türgen, bu üstünligi bilen diňe bir bäsdeşlerinden öňe geçmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň sport taryhynda öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.