- Ynsan hemişe bagtly ýaşamaga ymtylýar. Bagtly bolmagyň syryny her kim özüçe açýar. Göwnünde beslän arzuwlaryna, öňünde goýan maksatlaryna ýeten adam bagtyýar bolýar. Meniňem hemişe bagt hakynda şygyr ýazasym gelýärdi. Megerem, ol şygry heniz sekiz ýaşlarymda çaga kalby ýaly ak kagyza ýazyp başlandyryn. Ýa-da ýaşlygymyň bahary bolan talyplyk ýyllarymda, ak şäheriň goýnunda ýazyp başladymmykam? Sag-aman ören ata mekanymyň ak säherinde işe barýan mahalym ýazdymmykam ol şygry? Belki, ömrümiň özi bagt hakyndaky şygyrdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýy bagt hakdaky şygyrlaryma sözbaşy, bagtyýar durmuşymyň gözbaşy boldy. Sözüň, edebiýatyň, şygryýetiň ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagym meniň şygyrly göwnümi ganatlandyrdy, bagtyýar ömrümi zynatlandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň meniň çeken zähmetime şeýle ýokary baha bermegi meni has-da belent sepgitlere ruhlandyrdy.