Güneşli Diýarymyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny hil taýdan täze derejä çykarmak we olaryň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurulýan saglygy goraýyş desgalarynyň sany barha artýar. Saglygy goraýyş ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek bilen ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara ülňülerine laýyk getirmek işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň mysalynda hem bu hakykata aýdyň göz ýetirmek mümkin.
Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi şikeslerden, kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen ugra ýöriteleşen bolup, ol robotlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş ugurly döwrebap we kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýada şeýle görnüşli ilkinji lukmançylyk edarasy hökmünde belent ykrara eýedir. Muny Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine «Dr.Mellinghoff Consulting» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly binaly we durnukly infrastrukturaly merkez hökmünde güwänamasynyň, «ECRI» guramasynyň dünýä derejesindäki tehnologiýalarynyň bardygyny tassyklaýan güwänamasynyň, «Marienhospital Gelsenkirchen» hassahanasynyň Aşgabatdaky iň gowy halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hökmünde güwänamasynyň we Ýustus Libih adyndaky Gisen uniwersitetiniň sebitde iň gowy hassahana hökmünde iki sany güwänamasynyň gowşurylmagy hem doly tassyklaýar.